10.00 TMT
Ak reňkli Teflon (Ftoroplast) Taban: Lapkanyň aşaky esasy ak bölegi doly ýokary hilli teflondan ýasalypdyr. Teflon matanyň ýüzünde metal ýaly ýapyşman, arkaýyn sypyp gidýär.
Haýsy Matalar Üçin Ulanylýar?
Hakyky we emsel deri (Кожа, экокожа, винил): Adaty lapka derä ýapyşýar, bu bolsa deriniň ýüzünden sypyp, gaty oňaýly ýöreýär.
Nawoska we lakly matalar: Ýüzi ýalpyldawuk, şepbik reňkli plaşlar we kurtkalyk matalar.
Süýşýän we rezinli matalar (Бифлекс, стрейч, трикотаж): Çeýe we çendenaşyr süýşýän matalary ýyrtylmakdan we aşagynyň büzülmekden goraýar.
Ýeňil we inçe polietilen (Plastik kofýalar, tora we ş.m.).
Esasy Peýdalary
"Posadka" (Matanyň biriniň süýşüp galmagyny) aýyrýar: Iki gat matany tikenizde, aşaky mata dişleriň kömegi bilen çalt ýöreýär, ýokarky mata bolsa metal lapka ýapışyp yza galýar. Bu lapkanyň tekerçigi ýokarky matany hem deň derejede öňe iterýär.
Mata zeper ýetirmeýär: Demir rolikli lapkalardan (SPK-3 ýaly) tapawutlylykda, munuň tekeri silikon, tabany teflon bolansoň, iň inçe derileriň we nazik matalaryň hem ýüzüni çyzmaýar, yz galdyrmaýar.
Ähli senagat maşynlaryna laýyk gelýär: Juki, Jack, Typikal, Brother, Singer ýaly adaty göni tikim urýan senagat maşynlarynyň hemmesine aňsatlyk bilen dakylýar.