20.00 TMT
Esasy aýratynlyklary:
Aýlanyp Durýan Dişli Tasma (Lenta): Lapkanyň daşyna dakylyp duran ýaşyl reňkli halka — içki tarapy dişli bolan ýörite plastik tasmadyr. Tikin tikenizde bu tasma lapkanyň aşagyndan öňe tarap edil tankyň guraly (гусеница) ýaly aýlanyp hereket edýär.
Teflon Taban: Lapkanyň matany gysýan ak reňkli aşaky bölegi teflondan ýasalansoň, matanyň ýüzüne ýapşyşmaýar.
Aşaky Dişler bilen Sinhronlyk: Maşynyň aşaky dişli mehanizmi matany yza iterdigiçe, bu ýaşyl tasma hem ýokardan matanyň ugry bilen bile aýlanýar. Netijede mata iki tarapdan hem (aşakdan we ýokardan) deň tizlikde öňe süýşürilýär.
"Posadka" we Büzülmegi Doly Saklaýar: Iki gat galyň derini (kožany) tikenizde, adaty lapkalarda ýokarky gat mata hemişe gysylyp yza galýar we dikiş büzülip, gyşyk çykýar. Bu taslamaly tasma bolsa ýokarky matany gysyp, öňe äkidýär we dikişiň düp-göni durmagyny üpjün edýär.
Yz Galdyrmaýar: Galyň jinsleri ýa-da derileri tikmek üçin käte demir tekerli (rolikli) lapkalar ulanylýar, emma olar näzik derileriň ýüzüni çyzyp, diş-diş yz galdyryp bilýär. Bu guralyň tasmaly plastik gurluşy bolsa matanyň ýüzüne asla zeper ýetirmeýär.
Haýsy Matalar Üçin Amatly?
Hakyky deri, emsel deri (экокожа) we kowrolin önümleri.
Galyň we ýüzi lakly, şepbik materiallar.
Kurtkalaryň ýa-da plşlaryň suw geçirmeýän galyň "plşewka" matalary.