3 Dogan
10.00 TMT
Esasy Aýratynlyklary
Doly Monolit Teflon Gurluşy: Lapkanyň diňe bir dabany däl, eýsem maşynyň gysgyjyna danyp duran aýajyk bölegi hem doly ak teflondan (ftoroplastdan) guýulgydyr. Bu bolsa onuň gaty ýeňil bolmagyny we mata bütin göwresi bilen degse-de hiç hili garşylyk döretmezligini üpjün edýär.
Aşaky düýp-göni ugurdaş ýodajyklar: Dabanyň aşagynda gizlin zamogyň spiral şekilli plastik dişleriniň girmegi üçin niýetlenen iki sany ýörite çukurjyk bar. Bu ýodajyklar zamogyň dişlerini daşyna tarap açyp, iňňäniň edil dişiň düýbünden (0.5 mm golaýlygyndan) dikiş çekmegine şert döredýär.
Şarnirsiz (Pružinasyz) Göni Daban: Bu model hereketli şarnirleri bolmadyk, göni dabanly dizaýndyr. Bu gurluş dikiş wagtynda lapkanyň saga-sola ýazylmagyny ýa-da oýnamagyny doly bes edýär, netijede iňňe çyzygy bütin zamogyň uzynlygy boýunça birsydyrgyn göni bolup gidýär.
Haýsy Matalarda Ulanylýar?
Emsel we hakyky deri (Экокожа, кожа): Metal lapka deriniň ýüzüne ýapyşyp, zamogy büzüp taşlaýar. Bu teflon model bolsa deriniň üstünden sypyp gidýär.
Lakly we nawoska matalar: Kurtkalaryň we plaşlaryň şepbik, ýalpyldawuk ýüzüni çyzmaýar we mata zeper ýetirmeýär.
Inçe we näzik matalar (Şifon, ýüpek, atlas): Ýeňil agramy sebäpli inçe matalary iňňe deşigine tarap dartmaýar we dikiş çyzygynda tolkun emele getirmeýär.